Skip Navigation
The Endowment for Human Development
The Endowment for Human Development
Improving lifelong health one pregnancy at a time.
Donate Now Get Free Videos

Multilingual Illustrated DVD [Tutorial]

The Biology of Prenatal Development




GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ ÖSÜŞ BIOLOGIÝASY

.Türkmençe [Turkmen]


National Geographic Society This program is distributed in the U.S. and Canada by National Geographic and EHD. [learn more]

Choose Language:
Download English PDF  Download Spanish PDF  Download French PDF  What is PDF?
 

Chapter 15   5 Weeks: Cerebral Hemispheres

4-5 hepdeleriň aralygynda beýni çalt ulalmagyny dowam edýär we bäş aýratyn böleklere aýrylýar.

Kelle düwünçejigiň tutuş möçberiniň 1/3-ni tutýar.

Uly beýniniň ýarymtegelegi peýda bolýar we beýniniň iň uly bolegine öwrülýär.

Uly beýniniň Ýarymtegelekleri pikirlenmek,öwrenmek, ýatlamak, gepleşmek, görmek, eşitmek isleg boýunça hereket etmek we mesele çözmek, ýaly funksiýalary içine alýar.

Chapter 16   Major Airways

Dem alyş sistemasyndaky sag we çep esasy bronhalary hem-de soňy bilen traheýany ýa-da bokurdagy öýkenler bilen birikdirer.

Chapter 17   Liver and Kidneys

Bagryň ulalyp, garyn boşlygy bilen urýan ýüregiň arasyny doldurýandygyny belläp geçmek gerek.

5 hepdäniň içinde hemişelik böwrekler emele gelýär.

Chapter 18   Yolk Sac and Germ Cells

Tuhum haltajygy ösüş öýjükleri atly emele getiriş öýjüklerini öz içine alýar. 5 hepde içinde bu ösüş öýjükleri böwrekleriň ýanyndaky köpelme organlaryna geçýär.

Chapter 19   Hand Plates and Cartilage

Bäş hepdeniň içinde düwünçejik el aýasyny kämilleşdirýär we kikirdöwügiň peýda bolmagy 5 ½ hepde içinde başlanýar.

Şu ýerde biz 5 hepde we 6 gün içinde çep el ayasyny we bilegi görüp bilýäris.

Embryonic Development: 6 to 8 Weeks

Chapter 20   6 Weeks: Motion and Sensation

Alty hepde içinde uly beýniniň ýarymtegelekleriniň beýleki beýni bölekleri bilen deňeşdirilende olara görä tiz ulalýar.

Düwünçejik özbaşdak we dowamly hereketler etmäge başlaýar. Beýle hereket adaty nerw-myşsasynyň peýda bolmagyna itergi bermek üçin gerek.

Düwünçejigiň agzynyň töweregine galtaýmasy onuň kellesiniň refleksli yza çekilmegine sebäp bolýar.

Chapter 21   The External Ear and Blood Cell Formation

Gulagyň daş görnüşi belli Şekile gelip başlaýar.

6 hepdäniň içinde limfositler bolan bagyrda gan öýjükleri emele gelip başlaýar. Ak gan öýjükleriniň bu görnüşi immuna sistemasynyň ösmeginiň esasy serişdesidir.

Chapter 22   The Diaphragm and Intestines

Dem alyşda ulanylýan esasy muskul diafragma 6 hepdede emele gelýär.

Indi içegäniň bir Bölegi wagtlaýyn göbegiň içine girýär. Bu adaty prosesse fizilogiki Gryžä emelegelme diýilýär, ol garyn boşlugynda başga ösüş organlarynyň çägine gelmegi üçin ýer taýýarlaýar.

Chapter 23   Hand Plates and Brainwaves

6 hepdede el aýasy inçejik ýalpak görnüşe gelýär.

Eýýäm 6 hepde 2 günden soň Beýni impulslary peýda bolýar.

Chapter 24   Nipple Formation

Çaganyň emjeginiň Uçjagazlary onuň doly gursagy emele gelmezinden döşüň öň iki gapdalyndan ösüp başlaýar.

Chapter 25   Limb Development

6 ½ hepdä çenli çaganyň tirsekleri emele gelip, barmaklary biri-birinden aýrylyp we eli hereket edip başlaýşyny görmek bolar.

Süňkleriň kämilleşmegi Süňkleşme diýlip atlandyrylýar, ol egniň we äňiň ýokarky hem aşakgy süňklerinden başlaýar.

Chapter 26   7 Weeks: Hiccups and Startle Response

7 hepdä çenli çagada synçgylawugyň emele gelmegini,

şeýle hem aýak hereketlerini duýmak mümkindir.

Chapter 27   The Maturing Heart

4 kameraly ýürek doly tamamlanýar. Şeýlelikde, ýürek ortaça bir Minutda 167 gezek urýar.

7 ½ hepden uly adamlardaky ýaly ýürek impulslaryny görmek mümkin.

Chapter 28   Ovaries and Eyes

Zenanlarda 7 hepdeden Ýumurtgany görmek mümkin.

7 ½ hepdeden gözüň reňkli bardajygy emele gelýär we göz gabagynyň aktiw ösüş döwri başlaýar.

Chapter 29   Fingers and Toes

Barmaklar biri-birinden aýrylyp, diňe aýak süňkiniň esasyna birigýär.

Indi eller Hem aýaklar ýaly birigip bilýär.

Şeýlelikde dyz bogunlary hem birigýärler.

The 8-Week Embryo

Chapter 30   8 Weeks: Brain Development

8 hepdäniň içinde beýni ýokary derejede ösüp, düwünçejigiň tutuş agramynyň ýarysyna barabar bolýar.

Ösüş täsin tizlik bilen dowam edýär.

Chapter 31   Right- and Left-Handedness

8 hepdäniň dowamynda, düwünçejikleriň 75% sag elleriniň esasy el boljakdygyny aňladýar. Galany bolsa çepbekeýler bilen sag we çep ellerini birmeňzeş ulanýanlaryň arasynda deň bölünýär. Bu sag ýa-da çep goluň herekleriniň ýüze çykmagynyň ilkinji alamatlarydyr.

Chapter 32   Rolling Over

Çaga lukmançylyk kitaplarynda çaganyň "togalanmak ukyby" doglanyndan soň 10 - 20 hepde aralygynda döreýär diýip düşündirilýär. Emma,amniotic suwuklykda pes grawitasiýa şertlerinde bu täsin sazlaşyk has öň ýüze çykýar. Diňe ýatgydan bar bolan has ýokary grawitasion güýji geçmäge ýeterlik güjiň pesligi düwünçegi togalanmakdan saklaýar.

Şol wagtda düwünçejik fiziki taýdan has aktiw bolýar.

Hereketler çalt ýa-da haýal, bir ýa-da gaýtalanyp durýan, tötänleýin ýa-da refleksli bolup bilerler.

Kelle hereketleri, boýun ösmesi we elini ýüzüne eltmesi ýygylaşýar.

Düwünçejige degilmegi gözlerniň çaşy Bolmagyna, eňegini oýnatmagyna, elleri bilen bir zada ýapyşmaklygyna we aýagynyň barmaklarynyň ösmegine sebäp bolýar.

Chapter 33   Eyelid Fusion

7-nji 8-nji hepdeleriň aralygynda ýokarky we aşaky göz gabaklary tiz depgin bilen ösýär we bölekleýin birleşýärler.

Chapter 34   "Breathing" Motion and Urination

Ýatgyda howanyň ýoklugyna Garamazdan, 8 hepdeden soň düwünçejik seýrekleýin dem alyş heretlerini görkezýär.

Bu wagta çenli böwrekler amniotik suwuklyga akýan siýdigi bölüp çykarýar.

Erkek düwünçejikleriň ösüp gelýän ýumurtgalary testosteron garmonyny öndürip we bölüp başlaýar.

Chapter 35   The Limbs and Skin

Süňkler, bogunlar, muskullar, nerw we ýokarky we aşaky gan damarlary ýuwaş- ýuwaşdan uly adamlaryňky ýaly görnişe eýe bolýar.

8 hepdede epidermis, ýa-da deriniň üstki deri köp gatlakly membrane görnüşine gelip öz durulygynyň ep-eslisini ýitirýär.

Agzyň daşynda tüýler emele gelip başlýar,gaşlar hem ösýär.

Chapter 36   Summary of the First 8 Weeks

8 hepdeden soň düwünçejiklik döwri gutarýar.

Şol wagt adamyň düwünçejigi bir öýjükden takmynan bir millýard öýjüge çenli ösýär we 4000 den gowrak dürli anatomic gurluşy emele getirýär.

Şeýlelikde, düwünçejik uly adamlaryň strukturasynyň 90 göterimine eýe bolýar.