Adamdaky ýeke-täk öýjükli zigotyň
esasyndaky dinamiki hereket
uly adamlarda öýjükleriň
sanynyň 100 trillýona ýetmegi
bütin tebigatyň iň ajaýyp hadysasydyr.
Häzir ylmy barlagçylaryň pikirne görä,
adaty funksiýalaryň köpüsi
uly adam göwresiniň ýerine ýetirmegi bilen
göwrelilik döwründe tertibe gelýär -
ýagny, dogulmazdan has öň tutulýar.
Dünýä inmekden öňki
ösüş döwri
bu taýýarlyk döwür hökmünde düşündirilýär,
çünki adamyň ösüş döwri
köp mümkinçilikleri,
hem-de zerur bolan köp tejribeleri
dünýä inmeden soň ýaşamak üçin talap edýär.
Chapter 2 Terminology
Adamda göwrelilik döwri takmyndan 38 hepde
tohumlandyrylmadan,
ýa-da çaga galandan tä dogulýança
dowam edýär.
Tohumlandyrylmadan soň ilkinji
Sekiz hepdäniň dowamynda
ynsanyň ösüşine
"düwünçejik" diýilýär,
ol "içki ösüş" diýmegi aňladýar.
Düwünçeklik döwür diýlip
atlandyrylýan bu döwür
esasy beden sistemalarynyň köpüsiniň
emele gelşini häsiýetlendirýär.
8 hepdäniň dolmagyndan başlap
tä dogulýança çenli
"ynsanyň ösüş döwrüne
" göwredäki emele gelen çaga" diýilýär,
ol "dogulmadyk nesil" diýmegi aňladýar.
Düwünçeklik döwür diýlip
atlandyrylýan bu döwür
göwre ulalyp ösüp başlaýar we onuň
sistemalary sazlanmaga başlaýar.
Bu programmadaky düwünçekligiň
ähli ýaşaýyş döwürleri
tohumlandyrylmadan
soňky wagta salgylanýar.